- ýasamak
- işlik1) Bejerip taýýar etmek, bejerip häzir etmek.∙ Oglanlar bu gezek öz ýanlary bilen ilkinji ýasan radiopriomniklerini hem alypdylar. (B. Gurbanow, Duşuşyk)∙ Ol maşynyň detallaryny stanokda ýasady. («Pioner» žurnaly)∙ Alany haram bolmuş ussa, bu öýi gamakdan ýasadymyka, nämekä?! (A. Gowşudow, Powstler we hekaýalar)2) Grammatik termin Emele getirmek, döretmek.∙ Goşulmalar esasan söz ýasamaga we sözlemde sözleri biri-birilerine baglamaga hyzmat edýärler.◊ ýelk ýasamak — seret ýelk∙ Ýyrtyk çarygy bilen tozan turzup ýelk ýasap gitdi. (A. Gowşudow, Powstler we hekaýalar)∙ Olar bilen hoşlaşdy-da, öýlerine tarap ýelk ýasaýdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.